EMEA boýunça IDC kompaniýasynyň wise-prezidenti Fransisko Žeronimo TEDxLisboa konferensiýasynda eden çykyşynda 2022-nji ýylda elektron galyndylaryň möçberiniň 62 mln tonna ýetendigini, adam başyna ortaça görkezijiniň bolsa ýylda 11,2 kg bolandygyny habar berdi. Ol gajetleriň hyzmat ediş möhletini 12 aý uzaltmagyň her ýyl 2 mln awtomobili ulanylyşdan aýyrmak bilen deň bolan CO2 žyňyndylaryny azaldyp biljekdigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, sarp edijiler gaýtadan dikeldilýän gurluşlary saýlamak we täze enjam satyn almagyň deregine ony bejermäge bermek bilen bu ýagdaýa täsirini ýetirip biler. Bu diňe bir galyndylary azaltman, eýsem öndürijileriň bejeriş işlerine ýaramly modelleri döretmegine itergi berer. BMG-niň Global E-waste Monitor 2024 hasabatynyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda elektron galyndylarda, takmynan, 62 mlrd dollarlyk gymmatly komponentleriň bardygyna garamazdan, olaryň diňe 22,3%-i ýygnalyp gaýtadan işlendi. 2030-njy ýyla çenli elektron galyndylaryň möçberiniň 82 mln tonna ýetjekdigi, gaýtadan işlemegiň derejesiniň bolsa 20%-e çenli pese gaçjakdygy çaklanylýar. Ýewropanyň ekologiýa býurosynyň gözlegleri hojalyk tehnikasynyň we elektronikanyň hyzmat möhletini ýene bir ýyl uzaltmagyň CO2 zyňyndylaryny ýylda 4 mln tonna azaldyp biljekdigini görkezdi. Şeýle-de bolsa, Žeronimonyň belleýşi ýaly, öndürijileriň aglabasy öz gurluşlarynyň bejeriş işlerine ýaramlylygyny gowulandyrmaga howlukmaýar. Bu ugurda diňe Apple-iň we Dell-iň käbir modelleri ösüş görkezdi. Şol bir wagtyň özünde dikeldilen smartfonlaryň bazary ösmegini dowam etdirýär: IDC-niň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda şeýle gurluşlaryň üpjünçiligi 309,4 mln birlik boldy we bu 2022-nji ýyldakydan 9,5% köpdür. Bu elektronikany satyn almagyň has durnukly ýollaryna islegiň artýandygyny görkezýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir