Awstraliýadaky RMIT (Royal Melbourne Institute of Technology) uniwersitetiniň alymlary adamyň gözi ýaly işleýän elektron gözüň prototipini döretdi. Adamyň gözi we beýnisi her bir kadry dolulygyna işlemeýär: olar herekete tiz reaksiýa bildirip, ilkinji nobatda, obýektleriň konturlaryny görýär we beýnä derrew signal iberýär. Täze çip hem bu prosesi gaýtalaýar: ol uzak hasaplamazdan ýagtylygyň üýtgemegini we obýektleriň formasyny derrew “duýýar”. Kompýuter görüş ulgamlarynyň aglabasy ilki kartinany düşürýär, ony sanly görnüşe geçirýär we soňra çylşyrymly algoritmleri ulanyp, gaýtadan işleýär. Bu hem köp energiýa talap edýär. RMIT-iň prototipinde tehnologiýa molibden disulfidi (MoS2) materialyna esaslanýar: ýagtylyk bu materialyň inçe gatlagyna düşýär we material gözüň içki bardasy ýaly derrew elektrik signalyny döredýär. Ilkinji gaýtadan işleýiş üçin hiç hili daşarky elektronika talap edilmeýär. Molibden disulfidi ultra-inçe plýonka bolup, onda ýagtylyga reaksiýa berýän atom derejesinde defektler bar. Bu defektler neýronlar ýaly hereket edýär: olar zarýady toplap, ýeterlik derejede köp bolan ýagdaýynda impuls görnüşinde goýberýär. Şeýle ýörelge LIF modeli diýlip atlandyrylýar. Synaglar çibiň eliň hereketine adamyň göz-beýni ulgamy ýaly derrew täsirlenýändigini görkezdi. Şeýle-de, ol şekil sanly görnüşe geçip, daşarky prosessorda işlenýänçä garaşmaýandygy üçin elektrik energiýasyny tygşytlaýar. Alymlar çibiň durulygyny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Geljekde şeýle “göz” robotlara we dronlara çalt we az energiýa bilen reaksiýa bermäge mümkinçilik berer diýlip hasaplanýar.