Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary Goňurdepedäki guburlaryň jaýlanyş dessurlary, planigrafiýasy we hronologiýasy boýunça giňişleýin barlag geçirdiler. Alnan netijeler Goňurdepäniň bürünç eýýamynda Merkezi Aziýada gülläp ösen we soňra ýitip giden Oks siwilizasiýasynyň (Baktriýa-Margian arheologik toplumynyň) administratiw hem-de dini merkezi bolandygyny subut etdi. Bu barada geçirilen gözlegiň netijeleri «Wostok (Oriens)» ylmy žurnalynda çap edildi. Marguşyň paýtagty Goňurdepe («şalaryň we hudaýlaryň şäheri» diýlip hem atlandyrylýar) – b.e. öňki 2300-1700-nji ýyllarda häzirki Türkmenistanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň çäklerinde gülläp ösen gadymy medeniýetdir. Ol Gadymy Müsür, Hindistan, Hytaý we Mesopotamiýa bilen bilelikde «dünýä medeniýetiniň ilkinji bäş ojagynyň biri» hasaplanylýar. Gadymy şäher 1972-nji ýylda arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa tarapyndan açylypdy. Goňurdepäniň hronologiýasy 170-den gowrak radiouglewodorod seljermesiniň giň toplumy esasynda düzüldi. Netijeler ähli guburlaryň jaýlanyş dessurlarynyň birmeňzeş bolandygyny, ýagny däpleriň durnukly saklanandygyny görkezýär. Ulular jaýlananda, ortaça, 4,8 gap-gaç goýlan bolsa, çagalaryňky bary-ýogy 1,1. Bu maglumatlar gadymy jemgyýetde adam statusynyň mazar däplerine täsir edendigini görkezýär. Geçirilen gözlegler Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Maddy medeniýetiň taryhy institutynyň we Etnologiýa we antropologiýa institutynyň hünärmenleriniň ýakyn hyzmatdaşlygynyň netijesinde amala aşyryldy. Alnan netijeler Merkezi Aziýanyň gadymy ekerançylyk medeniýetleriniň häzirki wagtda Garagum çölüniň çäginde gizlenen syrly dünýäsine has gowy düşünmäge mümkinçilik berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir