«Loro Piana» italýan brendi Mongoliýada ekologik başlangyç işe girizer. «Resilient Threads» atly taslama howanyň üýtgemeginden zyýan çeken Suhe-Bator welaýatyndaky bäş etrabyň daşky gurşawyny goramaga gönükdiriler. Bu barada «WWD» habar berýär. Brend Italiýanyň daşyndaky ýeke-täk kaşemir önümçilik desgasynyň ýerleşýän bu sebitinde maldarçylyk bilen biodürlüligiň howpsuzlygyny üpjün etmegi maksat edinýär. Bäş ýyllyk maksatnamanyň çäginde, «Loro Piana» bu sebitde ilkinji saglyk merkezini döretmegi meýilleşdirýär. Bu merkezde lukmançylyk hyzmatlary berler we iri şahly mallara sanjym ediler. Bu başlangyç BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş boýunça Konwensiýasy, Durnukly süýümler bileleşigi we «Odyssey» gorag gaznasy bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi. Şeýle hem «Loro Piana» howp astyndaky ösümlikleri gorap saklamak we ösdürmek üçin tohum bankyny döreder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir