Aýdymçy Maýli Saýrus «Something Beautiful» atly täze albomy bilen bilelikde film çykarar. Aýdym-sazly film iýun aýynda diňe bir günlügine kinoteatrlarda görkeziler. Bu barada «NME» habar berýär. Filmde 30-njy maýda çykjak täze albomdan 13 kompozisiýa eşitdiriler. Filmiň dünýä boýunça premýerasy 6-njy iýunda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek Tribeca festiwalynda bolar. Taslamanyň prodýuserligini XYZ Films bilen Panos Kosmatos, Sony Music Vision, Columbia Records we Live Nation bilen bilelikde alyp barýarlar. Maýli režissýorlyk işini Jeýkob Biksenman we Brendan Uolter bilen bilelikde ýerine ýetirýär. Onuň aýtmagyna görä, bu taslamada oňa ylham beren zat «Pink Floyd» toparynyň döredijiligi bolupdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir