Kaliforniýada BurgerBots restorany işläp başlady we ol ýerde robotlar 27 sekuntda burger taýýarlaýar. Bu barada ABB Robotics kompaniýasynyň saýty habar berýär. Restoranda IRB 360 FlexPickers we YuMi cobots robotlary ornaşdyryldy. Olar ýokary tizlikde burgerleri ýygnap, her gün ýüzlerçe birmeňzeş tagamy taýýarlaýar. Her burger takyklyk bilen goýlan kotletden, sousdan, işdäaçar ýapragyndan, peýnirden we beýleki gerekli önümlerden ybarat. Robotlar diňe adaty işleri ýerine ýetirýär: eti dograýar, kotletleri gowurýar, burgerleri ýygnaýar we olary podnosa berýär. Şol bir wagtyň özünde restoranda işgärler hem işleýär. Ofisiantlar diňe sargydy berip, myhmanlar bilen gürleşip, hyzmatyň hiline gözegçilik edýär. “Biziň tehnologiýamyz restoran işini takyk we ygtybarly edýär. Robotlar işgärleri gündelik işlerden boşadyp, olaryň myhmanlarda ýakymly täsiri döretmäge üns bermegine kömek edýär” – diýip, ABB Robotics-iň prezidenti Mark Segura belledi.