Awstraliýaly alymlar Gün energiýasynyň öndürilişiniň çykdajysyny 40% azaldyp biljek ýeňil plastik aýnalary işläp taýýarladylar. Ilkibaşda awtoulaglar üçin işlenip düzülen tehnologiýa indi oba hojalygynda we senagatda çykdajylary peseltmäge, şeýle hem uglerod zyňyndylaryny azaltmaga ýardam berer diýip, «New Atlas» neşiri habar berýär. Günorta Awstraliýanyň uniwersitetinde (UniSA) işlenip düzülen täze aýnalar adaty aýnalardan 50% has ýeňil, epläp bolýar we ýörite örtügi sebäpli ýokary şöhle serpikdirijilik häsiýeti bar. Adaty Gün panellerinden tapawutlylykda, bu ulgam Günden gelýän ýylylygy jemläp, ony gönüden-göni ýylylyk energiýasyna öwürýär. Synag üçin her biri 16 aýnadan ybarat iki enjam ulanylar. Bu synaglar Çarlz Stýort uniwersitetiniň (CSU) meýdançasynda geçiriler. Tehnologiýanyň awtory Kolin Holl bu çözgüdiň yssy howaly ýurtlar üçin örän amatlydygyny we uglerodsyz önümçilige ýol açýandygyny belleýär. Taslamanyň ýolbaşçysy doktor Marta Jeýn senagat ýylylygynyň dünýä energiýasynyň 25%-ini, CO₂ zyňyndylarynyň bolsa 20%-ini düzýändigini aýdyp, şeýle innowasiýalaryň ekologik ýüki azaltmaga uly goşant goşjakdygyny belleýär.