«ChatGPT» çat-botunyň döredijisi bolan «OpenAI» kompaniýasy Birleşen Arap Emirliklerinde guruljak täze uly maglumat merkeziniň işlenip düzülmegine ýardam berer. Bu merkez soňlugy bilen dünýäniň iň uly maglumat merkezleriniň birine öwrüler we «OpenAI» onuň esasy ygtybarly kärendeçileriniň biri bolar diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär. Täze maglumat merkezi toplumynyň Abu-Dabi şäherinde ýerleşdirilmegi we onuň umumy kuwwatynyň 5 gigawatt bolmagy meýilleşdirilýär. «OpenAI-yň» bu taslama gatnaşýandygy heniz resmi taýdan tassyklanmasa-da, bu barada kompaniýanyň ýakyn wagtda resmi beýanat bermegine garaşylýar. Bu habar geçen penşenbe güni BAE bilen ABŞ-nyň arasynda gol çekilen täze ylalaşykdan soň ýüze çykdy. Şol ylalaşyga laýyklykda, BAE ABŞ-dan daşardaky iň uly emeli aň kampusyny gurmagy meýilleşdirýär.