Britaniýaly alpinist Kenton Kul 19-njy gezek Ewereste çykyp, dünýäniň iň beýik depesine çykmagyň sany boýunça daşary ýurtlularyň arasynda täze rekord goýdy. Bu barada BBC we CNN habar berýär. Türgeniň özi hem Facebook sahypasynda depede alnan suraty ýerleşdirip, maglumaty tassyklady. Kul çür depä alpinistler topary bilen bilelikde 18-nji maýda ýetdi. 51 ýaşly Kul ilkinji gezek Ewereste 2004-nji ýylda çykdy. Şondan bäri ol iň beýik depä yzygiderli, esasanam, maý aýynda, howa şertleri has gowy mahaly çykýar. Ýöne arakesmeler hem boldy. 2014-nji ýylda möwsüm harsaňyň netijesinde 16 şerp heläk bolandan soň ýatyryldy. 2015-nji ýylda depä çykmak ýertitremeler we soňraky birnäçe alpinistiň pidasyna getiren harsaň sebäpli bes edildi. 2020-nji ýylda Kul koronawirus pandemiýasy sebäpli çykmakdan saklandy. Indi britaniýaly Ewereste 19 gezek çykan ýeke-täk daşary ýurtly boldy. Absolýut rekord eýesi nepally ýolbelet Kami Rita degişli. Ol bu depä 30 gezek çykdy we KHBS-iň maglumatlaryna görä, ýakyn günlerde 31-nji gezek synanyşyk etmäge taýýarlanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir