Kanadaly Jastin Simporios «Lotto Max» lotereýasyndan 80 million Kanada dollary (takmynan, 57,29 million ABŞ dollary) utdy. Onuň utan jekpoty ýurduň taryhynda bir adama düşen iň uly baýrak boldy diýip, «The Economic Times» habar berýär. Neşiriň habar bermegine görä, Kanadanyň Britan Kolumbiýasy prowinsiýasynyň Sarri şäheriniň ýaşaýjysy Simporios ýeňiş getiren biledi «Walmart» söwda merkezinden satyn alypdyr. Jastin lotoreýanyň netijesini 9-njy maý gijesi, hemmeler uklap ýatan wagty bilipdir. Ol bu habary aýalyna aýtmak üçin ony oýarypdyr, emma ol ýarym ukuda, ilkibaşda, onuň näme diýýändigine düşünmändir. «Şol wagt sagat 22:30-dy. Aýalymy oýaryp, oňa Sarride biri 80 million dollar utupdyr diýip, degişdim. Soňam gülüp „Biz millioner!“ diýdim. Olam maňa oýun etme diýdi. Lotoreýanyň biledini skan etmänkäm, her bir belgisini öz elim bilen barladym. Begenjime „Biz millioner!“ diýip gygyranymy duýman galaýypdyryn. Aýalym muňa başda ynanmady, hatda biraz gaharam geldi, sebäbi şol wagtlar gyzymyz özüni gowy duýmaýardy» — diýip, Simporios gürrüň berdi. Jastin aýal doganynyň talyp karzyny üzmek we ejesiniň ir pensiýa çykmagyna kömek etmegi meýilleşdirýär. Ýakyn dogan-garyndaşlaryna goldaw bermek bilen bir hatarda, Simporios ýaşaýan şäherine – Sarriniň jemgyýetine hem haýyr-sahawat kömegini bermegi meýilleşdirýär. Şeýle-de sport karýerasy tamamlanmazdan ozal, halaýan basketbolçysy Lebron Jeýmsiň oýnuna gitmek arzuwy bar. Simporios aslynyň filippinlidigini aýdyp, heniz baryp görmedik watanyna aýaly we çagasy bilen gitmek isleýändigini hem belläp geçdi. «Indi men aýalyma we maşgalama has köp wagt sarp edip bilerin, esasy üýtgeşiklik şol bolar. Daş-töweregimizdäki jemgyýete peýdaly bolup ýaşarys» — diýip, Simporios aýtdy.