Uly dil modellerine (LLM) esaslanýan emeli aň modelleri sosial kadalary we dil düzgünlerini özbaşdak döretmäge ukyplydyr. Şeýle netijä Siti Sen-Jorj uniwersitetiniň (London) we Kopengageniň IT uniwersitetiniň alymlary geldi. Bu barada makala Science Advances žurnalynda ýerleşdirildi. Ylmy barlagçylar adamlarda sosial konwensiýalary öwrenmek üçin ulanylýan Naming game oýnundan peýdalanyp, emeli agentler bilen tejribe geçirdi. Tejribä 24-den 200-e çenli EA agentleriniň topary gatnaşdy. Her bir agent umumy sanawdan haýsydyr bir “ady” (mysal üçin, harplar ýa-da nyşanlar setiri) saýlady. Eger iki agent birmeňzeş at saýlasa, olar sylaglanýardy. Eger dürli at saýlasa – jerime alýar we kimiň nämäni saýlandygyny görýär. Agentler bir toparyň düzümine girýändigini we özleriniň näçe sanydygyny bilmeýärdi. Olar diňe özleriniň we hyzmatdaşlarynyň näme saýlandygy barada soňky birnäçe synanyşygy ýatda saklaýardy. Ilkibaşda her agentiň saýlaýan ady dürlüdi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen populýasiýada bir umumy pikir peýda bolup başlady – has köp agent şol bir “ady” ulandy. Netijede, hiç kim daşyndan dolandyrmasa-da, umumy dil kadasy döredi. Şeýle-de, alymlar toparyň pikirleriniň agentleriň her biriniň aýratynlykdaky isleginden tapawutly bolup biljekdigini hasaba aldy. Awtorlar EA-nyň adamlardan özbaşdak sosial kadalary ösdürip biljekdigini belleýär. Şeýle-de, uly bolmadyk agentler topary beýlekileriň ählisine täsir edip, kesgitlenen kadalary üýtgedip bilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir