X sosial ulgamynda HBO-nyň “Garri Potter” serialyny düşürmäge taýýarlyk işlerinden ilkinji surat peýda boldy. Kadrda baş gahrymanyň çagalykda ýaşan ýeri bolan Privet Drive köçesindäki jaýlar görünýär. Suraty UnBoxPHD akkaunty paýlaşdy. Serialy düşürmek üçin mini-şäherçe Uotforda (Angliýa) Warner Bros. Studios Leavesden studiýasynda gurulýar. The Sun neşiriniň maglumatlaryna görä, taslama 1 mlrd funt sterlinge (takmynan, $1,32 mlrd) düşer. Şäherçede ýollar, köp derejeli awtoduralgalar, lukmançylyk merkezi, ýaş aktýorlar üçin mekdep we dekorasiýalary saklamak üçin angar göz öňünde tutuldy. Çeşmäniň aýtmagyna görä, Warner Bros. bu taslamany “peýdaly maýa goýum” hökmünde görýär. Hususy infrastrukturanyň döredilmegi serialy togtatmazdan düşürmäge mümkinçilik berer: çagalar şol ýerde okap biler, aktýorlar bolsa meýdançadan gitmeli bolmaz. Gurluşygy ýakyn aýlarda tamamlamak meýilleşdirilýär, serial bolsa tomusda düşürilip başlanmaly. Ýakynda gahrymanlary ilkinji ýerine ýetirijiler yglan edildi. Premýeranyň 2026-njy ýylyň ahyrynda ýa-da 2027-nji ýylda bolmagyna garaşylýar. Serial ýedi möwsümden ybarat bolar diýlip pikir edilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir