Hytaýyň Milli astronomiýa obserwatoriýasynyň halkara alymlar topary gadymy hytaý resminamasy “Ussat Şiniň ýyldyz gollanmasyny” öwrenip, munuň ýyldyzly asmanyň iň irki atlasydygy baradaky netijä geldi. Täze maglumatlara görä, karta biziň eýýamymyzdan öň, takmynan, 355-nji ýylda döredilipdir. Bu öň çak edilenden iki ýüz ýyl irdir. Ozal bu karta biziň eýýamymyzyň 125-nji ýylyna degişli hasap edilýärdi. Atlasyň ýaşyny kesgitlemek üçin şekilleri gaýtadan işlemegiň häzirkizaman usullary, şol sanda kompýuter görşüne esaslanýan tehnologiýalar ulanyldy. Olaryň kömegi bilen soňky düzedişleriň netijesinde peýda bolan ýyldyzlaryň ornundaky ýalňyşlyklary ýüze çykarmak we maglumatlary häzirki koordinatlar bilen deňeşdirmek başartdy. Atlas 120 ýyldyzdan ybarat katalogy öz içine alýar, olardan 118 sanysy üçin takyk orunlar görkezilen. Bu hem ony şol döwür üçin özboluşly edýär. Ylmy gözlegçiler ýyldyz koordinatlarynyň Hytaýda asman jisimleriniň hereketini görkezmek üçin gural peýda bolandan soň sferik ulgam boýunça çyzylandygyny kesgitledi. Şeýle-de, ylmy gözleg hytaý kartasynyň ýaşynyň “Ptolomeýiň ýyldyz katalogyndan” 200 ýyl uludygyny tassyklady. Alymlar şeýle kartalaryň diňe bir ylmy däl, eýsem medeni ähmiýete eýedigini belleýär.