18-19-njy maýda Tähran şäherinde Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky Syýasy we halkara barlaglar merkeziniň guramagynda Tähran dialog forumy – 2025 (Tehran Dialogue Forum) geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär. R.Meredow “Hindi yklym böleginden Ýewraziýa çenli: ulag geçelgeleri, geoykdysadyýet we açylýan mümkinçilikler” atly ugurdaş bölümçede çykyş edip, ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek babatyndaky Türkmenistanyň garaýyşyny beýan etdi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy babatyndaky ileri tutýan ugurlaryny beýan etdi, şol sanda milli infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, demir we awtoulag ýollarynyň gurluşygy, Hazar deňzinde port infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy we sebit üstaşyr başlangyçlaryna gatnaşmagy ýaly ugurlar barada giňişleýin gürrüň berdi. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Eýranyň arasyndaky ulag-logistika gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhümdigi aýratyn bellenildi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň daşary ykdysady strategiýasynyň energetika ugrunyň ähmiýeti barada bellenildi. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini ugratmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça edýän tagallalary, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy hem-de Günbatar Aziýa sebitine elektrik energiýasynyň eksportyny giňeltmek barada aýdyldy. Tähran dialog forumynyň çäklerinde R.Meredow bu çärä gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi, olaryň barşynda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.