Kanadanyň Kalgari uniwersitetiniň we Milli gözleg geňeşiniň barlagçylary ähli janly-jandarlaryň hemişe örän gowşak we göze görünmeýän ýagtylyk bölüp çykarýandygyny ýüze çykardylar. Bu hadysa «örän gowşak foton şöhlelenmesi» (UPE) diýlip atlandyrylýar. Bu ýagtylyk jan berlenden soň doly diýen ýaly ýitýär. Bu barada geçirilen barlaglaryň netijeleri «The Journal of Physical Chemistry Letters» žurnalynda çap edildi diýip, «ScienceAlert» neşiri habar berýär. Janly-jandarlaryň öýjüklerindäki mitohondriýalaryň energiýa öndürýän mahaly, bu prosesiň dowamynda bolup geçýän himiki reaksiýalaryň netijesinde, örän az mukdarda ýagtylyk bölejikleri, ýagny fotonlar emele gelýär. UPE öňler jedelli tema bolsa-da, alymlar indi janly-jandarlaryň hakykatdan hem biofotonlary bölüp çykarýandygyny we olaryň ölümden soň doly diýen ýaly kesilýändigini «örän aýdyň» subut etdiler. Öýjükleriň bölüp çykarýan ýagtylygy öran gowşak bolansoň, olary tebigy ýagtylyk çeşmelerinden tapawutlandyrmak örän kyn bolýar. Şol sebäpden hem barlaglaryň dowamynda, diri syçanlar ýörite garaňky gutulara ýerleşdirilip, duýgurlygy ýokary bolan kameralar arkaly olaryň bölüp çykarýan ýagtylygy surata alyndy. Netijede, diri syçanlaryň bedenleriniň ýagtylyk bölüp çykarýandygy, ölümden soň bolsa, ýagtylygyň doly diýen ýaly ýitýändigi aýdyň görünýär. Şuňa meňzeş täsir Arabidopsis thaliana we Heptapleurum arboricola ýaly ösümlikler bilen geçirilen synaglarda hem ýüze çykaryldy. Kesilen ýapraklar bir salym ýagtylyk bölüp çykarmaga dowam etdi. Ösümlige zeper ýetirilende, bu ýagtylyk has-da güýçlenýärdi. Bu ýagdaý olaryň öz-özüni dikeltmek mehanizmasy bilen baglanyşyklydyr. Alymlar UPE-ni lukmançylykda zeper ýeten dokumalary anyklamakda, keselleriň ýagdaýyna gözegçilik etmekde we näsaglaryň umumy saglyk ýagdaýyny seljermekde ulanylyp bilinjekdigini belläp geçýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir