Beýhan uniwersitetiniň alymlary kebelekleriň uçuşyna gözegçilik edip, olaryň howada gülleriň depesinde nädip gaýyp durmagy başarýandyklaryny anykladylar. Bu açyş ýyladyşhanalarda ösümlikleri tozanlandyrmaga we barmasy kyn ýerlere girmäge ukyply mikrodronlary döretmekde gerekli bolup biler diýip, Science Daily habar berýär. Barlag Pieris brassicae görnüşli kelem kebeleklerinde geçirildi. Alymlar mör-möjekleriň 3D modellerini döretmek üçin ýokary tizlikli kameralary we emeli aň ulgamyny ulandylar. Bu uçuşyň tizligini, ugruny we ganat kakylanda döreýän howa akymlaryny takyk hasaplamaga mümkinçilik berdi. Fizikler ganatyň iki taýynyň hersiniň bir dürli ýelgin toplumyny döredýändigini, olaryň özara täsirleşiş häsiýetiniň kebelegiň göwresiniň haýsy tarapa we nähili görnüşde gyşaryşyna baglydygyny düşündirdi. Gülüň depesinde pelpelläp saklanan wagtynda ol göwresini gözýetime görä 90 gradus gyşardýar, bu bolsa oňa güýjüni deňagramlaşdyrmaga we howada ganat kakyşyny iň az mukdara ýetirip saklanmaga kömek edýär. Barlagçylaryň sözlerine görä, şeýle mehanizm beýleki mör-möjeklerde ýa-da guşlarda duş gelmeýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir