Awstraliýanyň Q-Ctrl kompaniýasy Ironstone Opal nawigasiýa ulgamyny hödürledi. Ol hemrasyz işleýär we ýerleşýän ýerini kesgitlemek üçin Ýeriň magnit meýdanyndan peýdalanýar. Tehnologiýa GPS-den 50 esse takyk we päsgelçiliklere durnukly. Ol eýýäm dronlarda, uçarlarda we awtoulaglarda ýokary netijeliligi görkezdi. Tehnologiýa kwant magnitometrlerine esaslanýar. Olar magnit meýdanyndaky üýtgeşmeleri ýazga alýarlar we kartalar bilen deňeşdirýärler. Emeli aň maglumatlary işläp taýýarlaýar we päsgelçiligi ýok edýär. Ulgam Gün tupanlaryna, galyň diwarly binalara we signallaryň böwetlenmegine durnukly bolup, GPS-iň, köplenç, bökdençlik tapýan ýerlerde ygtybarly işleýär. Ironstone Opal, kyn şertlerde takyk nawigasiýa wajyp bolan häzirki zaman awtoulaglaryny hem öz içine almak bilen, ulaglar üçin aýratyn peýdalydyr. Şeýle-de bolsa, tehnologiýanyň käbir kemçilikleri bar: bölek şaýlarynyň bahasy ýokary we käbir sebitlerde magnit kartlarynyň mukdary çäkli. Geljekde ulgam köpçülikleýin bazara elýeterli bolup, nawigasiýa çemeleşmäni üýtgedip biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir