Häzirki wagtda dünýäniň 53 ýurdunda 300 milliona golaý adam agyr azyk ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. «Global Report on Food Crises» hasabatyna görä, bu häzirki wagta çenli hasaba alnan iň ýokary görkezijidir. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär. Hasabatda aýdylmagyna görä, 295,3 million adam çynlakaý azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär. Bu bolsa hasabatda seljerilen ýurtlaryň ilatynyň, takmynan, dörtden bir bölegine deňdir. Bu ýagdaýyň esasy sebäpleri hökmünde ýaragly çaknyşyklar, ynsanperwer kömegiň azalmagy, ykdysady kynçylyklar we howanyň ýaramaz täsirleri görkezilýär. Krizisiň iň agyr derejesindäki (IPC boýunça «betbagtçylyk» derejesi) adamlaryň 95%-den gowragy Gaza zolagynda we Sudanda ýaşaýar. Agyr ýagdaýdaky ýurtlaryň hataryna Gaiti, Mali, Günorta Sudan, Owganystan, Pakistan, Efiopiýa we Keniýa girýär. Bu sebitlerde gurakçylyk we gapma-garşylyklar krizisi has-da güýçlendirýär. Şeýle hem Mýanma, Nigeriýa we Kongo Demokratik Respublikasy ýaly 19 ýurtda ýagdaý günsaýyn ýaramazlaşýar. Esasy sebäpler hökmünde ýaragly gapma-garşylyklar we içerki durnuksyzlyk görkezilýär. Şeýle hem beýleki ýurtlar tarapyndan, esasan-da, ABŞ tarapyndan berilýän halkara ynsanperwer kömekleriň möçberi ep-esli azaldy. Netijede, Sudanda, Ýemende we Gaitide 14 milliondan gowrak çaga kömekden mahrum galdy. Bilermenleriň bellemegine görä, maliýe kömeginiň azalmazyndan öň hem, hasabatda agzalan ýurtlaryň tas ýarysy eýýämden azyk krizisiniň içindedi. Ýeri gelende aýtsak, 2025-nji ýylyň ýanwarynda Nobel we Bütindünýä azyk baýraklarynyň eýeleriniň 150-den gowragy azyk önümçiliginiň ýokarlandyrylmagy barada açyk hata gol çekipdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir