Amerikaly hirurglar dünýäde ilkinji gezek adama donor peşew haltasyny göçürdiler. Operasiýa 2025-nji ýylyň maý aýynda Los-Anjelesde Kaliforniýa uniwersitetiniň ýanyndaky Ronald Reýgan lukmançylyk merkezinde geçirildi. Ony hirurglar Inderbir Gill bilen Nima Nassiri ýerine ýetirdi. Amerikalylar dünýäde ilkinji bolup donor peşew haltasyny göçürdiler. Operasiýadan öň dört çaganyň atasy, 41 ýaşly Oskar Larraýnsar böwrekleriniň ikisi hem, şeýle-de düwnük keseli sebäpli peşew haltasynyň köp bölegi aýrylandan soň, ýedi ýyl bäri dializ bilen ýaşaýardy. Onda peşew haltasynyň diňe kiçijik bölegi, göwrümi 30 kub. sm töweregi galypdy. Kadaly ýagdaýda 300-den gowrak bolmaly. Ozal anatomiki aýratynlyklary sebäpli, peşew haltasyny göçürmäge synanyşmak mümkin däl hasaplanýardy. Larraýnsar üçin laýyk donor OneLegacy guramasynyň üsti bilen tapyldy. Özboluşly sekiz sagatlyk operasiýanyň dowamynda näsaga ilki böwrek, soň bolsa peşew haltasyny oturtdylar, şondan soň organlar birleşdirildi. Operasiýadan iki gün soň, hassanyň özi peşew etmek islegini duýdy we katetersiz peşew etdi. Bu lukmanlar üçin garaşylmadyk waka boldy, sebäbi oturdylan organyň resipiýentiň bedeni bilen nerw baglanyşygy ýokdy. Lukmanlar Larraýnsara kateter gerek bolar öýdüpdiler. Şeýle-de bolsa, hünärmenler organyň bitişip gitmegi üçin zerur immunodepressantlary ömürboýy ulanyp gezmek bilen baglanyşykly töwekgelçiliginiň bardygyny duýdurýarlar. Muňa garamazdan, lukmanlar usulyň howpsuzlygyna baha bermek üçin ýakyn wagtda ýene dört şuňa meňzeş operasiýa geçirmegi meýilleşdirýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir