Türkiye Gara deňzinden tebigy gazyň uly ýatagyny tapdy. Bu barada ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan habar berdi. Türkiýäniň baştutanynyň sözlerine görä, “Göktepe-3” guýusyndaky ýatakda 75 milliard kub metr gaz bar diýip hasaplanýar. Goruň ykdysady gymmaty 30 milliard dollardyr. "Bu ýatak öý hojalygymyzy, takmynan, üç ýarym ýylyň dowamynda gaz bilen üpjün etmäge ýeter" – diýip, Ärdogan X sosial ulgamynda ýazdy. Prezident 27-nji martda guýuda buraw işleriniň başlanandygyny we 16-njy maýda 3500 metr çuňlukda tamamlanandygyny habar berdi. Uly göwrümli geologiki gözleg işleri başlanaly bäri Türkiye Ortaýer deňzinde 11, Gara deňizde 38 guýy burawlady. Ärdoganyň sözlerine görä, Gara deňzinde bar bolan gaz ýataklary eýýäm 4 million hojalygy ýangyç bilen üpjün edýär. Olar her ýylda 9,5 milliard kub metr gaz berýär. Hökümet bu göwrümi 2028-nji ýyla çenli dört esse artdyrmak isleýär. "Biz öz ýolumyzy dowam etdireris. Maksadymyza ýetýänçäk, ýagny Türkiýäniň doly energiýa garaşsyzlygyny gazanýançak, tankytçylaryň we päsgelçilikleriň basyşlaryna ähmiýet bermezden, öňe gideris" – diýip, Ärdogan nygtady .

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 16 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir