18-nji maýda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenilip geçildi. Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary boldy. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, eneler, talyplar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary bar. Döwlet Baştutany ilki Konstitusiýa binasyna gül çemenini goýdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dabara gatnaşyjylaryň ählisi gül desselerini we çemenlerini goýdular. Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar Baş baýdak meýdançasynda dowam etdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow belent baýdak sütüniniň öňünde ajaýyp gül çemenini goýdy. Soňra döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular. 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde-de dabaralar geçirildi. Şol gün şeýle hem paýtagtymyzda «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir