Britaniýanyň ýadro fizigi, teleýaýlymyň alypbaryjysy, ylmy ýaýradyjy we professor Braýan Koks özüniň ylmy leksiýalaryna satylan petekleriň sany boýunça rekord goýdy. Onuň “Gözýetimler: XXI asyryň kosmos odisseýasy” (“Horizons: A 21st Century Space Odyssey”) atly dünýä aýlanan leksiýalaryna 2022-nji ýylyň awgustyndan 2025-nji ýylyň maý aýyna çenli 369 297 adam gatnaşdy. Bu rekord Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan hasaba alyndy. "Onuň işi ylmy has elýeterli we gyzykly etmek bilen çäklenmän, eýsem bütin dünýäniň tomaşaçylarynyň gyzyklanmasyny hem özüne çekdi" diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň baş redaktory Kreýg Glendeý belledi. Koks ilkinji gezek şuňa meňzeş rekordy 2016-njy ýylda goýupdy. 2017-nji ýylda Beýik Britaniýada okan leksiýalary diňleýjileriň köpüsini özüne çekdi. Üçünji rekord 2022-nji ýylda gazanyldy. Häzir Koks ýene dünýäde iň köp gatnaşyjyly ylmy leksiýanyň awtory hökmünde ykrar edildi. "Şeýle köp adamyň Älemdäki ornumyz hakda tutuş bir agşamy oýlanyp geçirmek isleýändigi gowy zat. Syýahatymy guramaga gatnaşan ähli toparyň adyndan bu rekordy goýup bilendigimize buýsanýaryn "-diýip, Koks nygtady. Resmi web sahypasynda maý aýyndaky çykyşlar üçin petekleriň hemmesi eýýäm satylyp gutardy. Petekleriň bahalary aýdylmaýar. “Gözýetimler: XXI asyryň kosmos odisseýasy” leksiýasynda Koks ylmy maglumatlary filosofiki soraglar bilen utgaşdyryp, Älemiň tebigaty barada gürrüň berýär. Ol Eýnşteýniň işlerine we häzirki zaman açyşlaryna esaslanyp, ýaşaýşyň döreýşi, wagtyň we giňişligiň gurluşy temalaryny gozgaýar.