Garward uniwersiteti Ýerden daşary ýaşaýyş alamatlaryny gözlemek üçin “Galileo” taslamasynyň çäklerinde emeli aňy ulanar. Bu barada Bloomberg ýazýar. Şeýle taslama doktor Lora Domine ýolbaşçylyk edýär. Ozal ol “tutmak” we ýazga almak mümkin däl diýen ýaly elementar bölejikler – neýtrino bilen meşgullandy. Indi ol ünsüni kärdeşleri bilen bilelikde ýerasty hadysalara däl-de, howa giňişligine gönükdirýär. Topar akustiki datçikleri, kameralary, radiodatçikleri, bölejik hasaplaýjylaryny, meteostansiýalary we magnitometrleri ulanar. Esasy maksat asmanda näbelli uçýan obýektleri we beýleki adatdan daşary hadysalary öwrenmekden ybarat. Emeli aň maglumatlary gije-gündiz seljermäge we üýtgeşik hadysalary ýüze çykarmaga kömek eder. Alym Riçard Kloetiň aýtmagyna görä, taslamanyň çylşyrymlylygy nämäni gözlemelidiginiň näbelli bolmagydyr. “Biz gözleýän zadymyzy bilemzok. Biz näbelli uçýan obýektleriň hereketi barada hiç zat bilemzok. Taslamanyň düýp mazmuny hem bu obýektleriň nämedigini kesgitlemekden ybarat” – diýip, alym belledi. EA uçar, guş, mör-möjekler ýaly belli obýektleri tanamagy öwrenýär. Häzirlikçe ulgama bulutlary, tozany, ýapraklary ýa-da ýalpyldawuklary tapawutlandyrmak kyn düşýär. Ýöne geljekde ol adaty zatlary süzüp, üýtgeşik ýagdaýlary aýratynlandyryp biler. Bloomberg bu ugurda düýpli ylmy gözlegleriň örän seýrekdigini belleýär. Ýöne bu meselä gyzyklanma 2017-nji ýylda ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň gizlinlikde düşündirip bolmajak Ýerden daşary hadysalary öwrenendigi belli bolandan soň artyp başlady. Hödürlenen wideo ýazgylary fizikanyň kanunlaryna garşy hereket edýän näbelli uçýan obýektleri görkezdi. Şol wagt Kongres Pentagona täze gözleg programmalaryna başlamagy tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir