Rianna “Smurflar kinoda” animasion filmine saundtrek bolan täze “Friend of Mine” aýdymyny çykardy. Bu onuň 2022-nji ýylyň noýabryndan bäri ilkinji relizi boldy, soňky gezek ol “Gara babyr: Wakanda baky” filmi üçin “Born Again” aýdymyny çykarypdy. Täze multfilmde aýdymçy Smurfetta ses berdi we KHBS-iň maglumatlaryna görä, onuň taslama gatnaşmagy oňa 65 mln dollar getirdi. “Friend of Mine” aýdymynyň klibinde Rianna diňe ahyrynda birnäçe sekuntlyk peýda bolýar. Wideoda esasy hereket tans edýän animirlenen smurflaryň töwereginde bolup geçýär. Bu aýdym Desi Trill, DJ Khaled, Cardi B, Natania we Subhi tarapyndan ýazylan “Higher Love” aýdymyndan soň film üçin ikinji saundtrek boldy. Riannanyň soňky studiýa albomy 2016-njy ýylda çykdy. Geçen ýyl aýdymçy “garaşylmadyk” we “täjirçilik däl” boljak täze albomynyň üstünde işleýändigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, ol muşdaklary haýran galdyrmak üçin “ähli zady täzeden başlaýar”.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir