ABŞ-nyň Içeri goranmak ministrliginde “Amerikaly” ady bilen realiti-şouwy döretmek pikiri ara alnyp maslahatlaşylýar. Onda daşary ýurtlular amerikan raýatlygy ugrunda bäsleşip biler diýip, edaradaky çeşmä salgylanyp, The Daily Beast habar berýär. Taslama şüweleňiň 35 sahypalyk meýilnamasyny taýýarlan kanadaly prodýuser Rob Uorsoff bilen bilelikde işlenilýär. Bellenilişi ýaly, gatnaşyjylar özüniň amerikan bolmaga meýilliligini subut etmek üçin dürli ştatlarda synagdan geçmeli bolar. Şüweleňe 12 daşary ýurtly gatnaşar. Olar Nýu-Ýorkdaky Ellis adasyna “Raýatlaryň gämisinde” (The Citizen Ship) gelip, syýahata başlar. Alypbaryjy kolumbiýaly Sofiýa Wergara ýa-da kanadaly Raýan Reýnolds bolup biler. Gatnaşyjylar “Amerikaly” (The American) otlusynda ABŞ boýunça aýlanyp, tematiki ýumuşlary ýerine ýetirer (mysal üçin, Floridadaky Kanaweral burnunda raketa uçurmak). Utulan gatnaşyjylar bir million American Airlines utugy, 10 müň dollarlyk Starbucks sowgat karty we ömürlik benzin ätiýaçlygy ýaly höweslendiriji baýraklar bilen öýlerine dolanar. Şeýle-de, olara raýatlyk almak işinde artykmaçlyk hödürlener. Resminamada “Amerikalynyň” ABŞ-nyň gymmatlyklaryny görkezjekdigi aýdylýar. Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, ministr Kristi Noem taslamany goldaýar, ýöne onuň kömekçisi Trişa Maklaflin bu pikiriň heniz başlangyç barlag tapgyryndadygyny we Noemiň oňa dahylly däldigini aýdýar. Ol ministrligiň her ýyl köp sanly teklipleri gözden geçirýändigini we her biriniň goldaw almazdan ozal berk barlagdan geçýändigini belledi.