Patyşa Salman adyndaky awtomobil klasteriniň çäklerinde patyşa Abdallanyň ykdysady şäherinde (KAEC) Hyundai Motor Manufacturing Middle East (HMMME) zawodynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Bu Saud Arabystanynyň jemgyýetçilik maýa goýum gaznasy (PIF) bilen Hyundai Motor Company-nyň bilelikdäki kärhanasydyr. Tas bir trillion dollarlyk aktiwleri dolandyrýan PIF HMMME-niň paýnamalarynyň 70%-ine, Hyundai bolsa 30%-ine eýeçilik edýär. Hyundai üçin Ýakyn Gündogarda ilkinji zawod 2026-njy ýylyň dördünji çärýeginde awtomobil önümçiligine başlar. Onda her ýyl 50 000 awtomobil, şol sanda içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglar we elektromobiller öndüriler. PIF-iň müdiriniň orunbasary Ýazid A.Alhumeýd gaznanyň iş orunlaryny döretmek we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, hyzmatdaşlyk arkaly awtoulag pudagyny ösdürmegi dowam etdirjekdigini aýtdy. Hyundai Motor Group-yň wise-başlygy Jehon Çan, öz gezeginde, bilelikdäki kärhananyň “Görüş 2030” meýilnamasynyň çäklerinde häzirkizaman başarnyklary bilen ýerli zehinleri ösdürmäge kömek etjekdigine umyt bildirdi. Bellenilişi ýaly, HMMME zawody we Hyundai bilen hyzmatdaşlyk PIF-iň awtomobil pudagynda Saud Arabystanynyň ornuny berkitmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň bir bölegidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir