Polşanyň Pulawy şäherinde geçirilen fudokan karate boýunça dünýä çempionatynda türkmenistanly türgenler jemi 21 medal gazandylar. Bu halkara ýaryşa 47 ýurtdan 3 müň töweregi türgen gatnaşdy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gazananlary: 7 altyn, 5 kümüş we 9 bürünç medal. Altyn medallaryň eýeleri: Nurgeldi Annagurbanow Hemra Begjanow Maksatgeldi Geldiýew Selim Myratdurdyýew Eziz Zekerýaýew Çerkez Myratdurdyýew Ibragim Şagulyýew Kümüş medal gazananlar: Maksatgeldi Geldiýew Kemal Ataýew Meýlis Çaryýew Bazarbaý Ödäýew Yhlas Annagurbanow Bürünç medallaryň eýeleri: Serdar Baýryýew Yslam Ulygbekow Hemra Begjanow Eziz Zekerýaýew Kemal Ataýew Sylap Toýlymyradow Meýlis Çaryýew Bazarbaý Ödäýew (iki bürünç medal) Fudokan – 1980-nji ýylda ýugoslawiýaly ussat Ilýa Ýorga tarapyndan döredilen däp bolan karate stilidir. Häzirki wagtda bu sport görnüşi bilen dünýäde 2 milliondan 15 milliona çenli adam meşgullanýar. Halkara fudokan federasiýasy dünýäde Karate boýunça federasiýalaryň arasynda ikinji orunda durýar (birinji orunda – Dünýä Karate federasiýasy, WKF).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir