Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 24–25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХIV köpugurly halkara sergisi we maslahatyny geçiriler. Bu çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer B.Annamämmedow 17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, halkara sergä we maslahata ýerli we daşary ýurt kompaniýalary, ýurdumyzyň edara-kärhanalary, telekeçileri we işewürleri gatnaşarlar. Onda paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi hem-de milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynyň ýeten sepgitleri bilen tanyşdyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Munuň özi häzirki zaman tehnikalary we tehnologiýalary bilen tanyşmaga, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara tejribe alyşmaga, täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döreder. Şeýle hem baýramçylyk mynasybetli gurluşyk we senagat toplumynyň tapawutlanan işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasyny we beýleki medeni çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Serdar Berdimuhamedow çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we ýokary derejede geçirmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.