17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şanly sene mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi guralar hem-de onuň çäklerinde milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde mynasyp goşant goşan, “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylary sarpalamak dabarasy bolar. Şeýle hem dünýäniň belli halyşynaslarynyň, alymlaryň hem-de ussat hünärmenleriň gatnaşmagynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçiriler. Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çäreleri, haly önümleriniň sergisini hem-de türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisini ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir