Maý aýynyň ahyrynda Aşgabat şäherinde «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly, şeýle hem ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-sazly festiwaly geçiriler. Bu barada wise-premýer B.Seýidowa şenbe güni Hökümet mejlisinde habasat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 19–21-nji maýy aralygynda milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek, medeniýetleri özara baýlaşdyrmak maksady bilen «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly, şeýle hem 29–31-nji maýy aralygynda «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-sazly festiwaly geçiriler. Festiwallaryň çäklerinde konsertleri, döredijilik duşuşyklaryny we ussatlyk sapaklaryny geçirmek, şeýle hem myhmanlaryň paýtagtymyzyň medeni ojaklaryna we beýleki gözel ýerlerine baryp görmekleri göz öňünde tutulýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere festiwallara gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir