17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa 2024–2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy, “Soňky jaň” dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada ‘Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 25-nji maýda Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär mekdebinde, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebinde Berdimuhamet Annaýewiň heýkellerine gül goýmak dabaralaryny, şeýle hem Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Soňra ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly şygar bilen “Soňky jaň” dabaralary geçiriler. Göreldeli uçurymlara hem-de kärine ussat bilim işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşurylar. Baýramçylyk güni uçurymlaryň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, baýramçylyk mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli umumybilim berýän mekdepleriň uçurymlarynyň gatnaşmagynda «Soňky jaň» dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir