Awstriýaly aýdymçy JJ (Ýohannes Pitç) Şweýsariýanyň Bazel şäherinde geçirilen “Ýewrowideniýe-2025” aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. “Wasted Love” (“Biderek söýgi”) aýdymyny ýerine ýetiren aýdymçy 436 bal gazandy. Grand-finalda oňa hem professional eminler, hem tomaşaçylar birinji orny berdi. Ikinji orny “New Day Will Rise” aýdymy bilen ysraýylly Ýuwal Rafael (357), üçünji orny bolsa internet torunda eýýäm belli bolan “Espresso Macchiato” aýdymy bilen estoniýaly Tommi Keş (356) eýeledi. Awstriýanyň “Ýewrowideniýe-2025-däki” ýeňşi garaşylmadyk ýagdaýda boldy, sebäbi bäsleşigiň bütin dowamynda ýeňiji bolup biljek esasy gatnaşyjy diýlip Şwesiýa wekilçilik edýän fin topary KAJ hasaplanýardy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir