Režissýor Ari Asteriň baş keşpleri Hoakin Feniks bilen Pedro Paskalyň ýerine ýetirmegindäki “Eddington” filmi Kann kinofestiwalynda 7 minutlyk el çarpyşmalara mynasyp boldy. Bu barada Deadline portaly habar berýär. Tomaşaçylaryň haýran galmagy Feniksiň gözýaşyna sebäp boldy. Aster hem çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. “Bu hasyl bolan arzuw” – diýip, režissýor belledi. Tankytçylar hem filme oňyn syn berdi. Independent-den Sofi Monks Kaufman ony “häzire çenli Asteriň iň gülkünç filmi” diýip atlandyrdy. Deadline-dan Deýmon Uaýz taslamanyň “uly ädim” hökmünde seredilip bilinjekdigini belläp, filmiň COVID pandemiýasyna “bizi häzirki ýerimize getiren uly partlama” hökmünde garaýandygyny aýtdy. Aster “Reinkarnasiýa”, “Midsommar” we “Bonuň ähli gorkulary” filmleri bilen tanalýar. Bu gezek ol komediýa görnüşde neowestern düşürdi. Sýužetiň merkezinde pandemiýa döwründe uly bolmadyk amerikan şäheriniň häkimi bilen ýerli şerifiň arasyndaky gapma-garşylyk durýar. Şeýle-de, filme Emma Stoun, Ostin Batler, Lýuk Graýms, Dirdri O’Konnell, Mişel Uord, Ameli Hoferle, Klifton Kollinz-kiçi we Uilýam Bellou gatnaşdy. “Eddington” Kann festiwalynyň esasy bäsleşik programmasyna girýär we Ues Andersonyň, Riçard Linkleýteriň, Žýuliýa Dýukornonyň we Kelli Reýhardtyň işleri bilen bir hatarda “Altyn palma şahasy” ugrunda bäsleşer.