15-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Litwanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kestutis Waskelewiçusdan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda diplomata ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi esasy ugur edinýän döwlet syýasaty barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle hem ilçi milli parlamentiň düzümi, onuň kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, konstitusion özgertmeleri geçirmek boýunça alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Türkmenistan bilen Litwa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi boýunça pikir alyşmalar boldy. Duşuşygyň ahyrynda ilçi dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogy giňeltmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir