Google kompaniýasy Gemini emeli aň kömekçisini öz ekoulgamyna girizmegi meýilleşdirýär. Ýakyn aýlarda ol Google TV, Android Auto, Wear OS bolan gurluşlarda, şeýle-de Android XR esasly garyşyk hakykat garnituralarynda peýda bolar. Işläp düzüjileriň blogunda habar berlişi ýaly, Gemini şu ýylyň dowamynda Google TV ulgamyna goşular. Ulanyjylar, mysal üçin, çagalaryň ýaşyna laýyk gelýän filmleri maslahat bermegi ýa-da birinji synp okuwçysyna Gün ekoulgamy barada gürrüň bermegi sorap biler. Algoritm hem gysgaça düşündiriş bilen jogap berer ýa-da YouTube-da degişli wideolary teklip eder. Android Auto-da Gemini ulgamy Google Assistant-iň ornuny tutar ýa-da onuň üstüni ýetirer. Ol soraglara tebigy dilde düşünip biler, bu hem hereket wagty ulanmagy aňsatlaşdyrar. Mysal üçin, kömekçi elektromobil üçin golaýdaky zarýad stansiýasyny tapar ýa-da täze habarlary jemlär. Emeli aňyň Android Auto ulgamyna hem ýakyn aýlarda goşulmagyna garaşylýar. Wear OS sagatlarynda Gemini ulanyjylara çylşyrymly buýruklary saýlamazdan ýa-da tekst ýazmazdan ses kömekçisi bilen gürleşmäge mümkinçilik berer. Bu, aýratynam, türgenleşik wagty ýa-da ýolda has amatlydyr. EA kömekçisi Samsung kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanýan Android XR esasly ilkinji garnitura hem giriziler. Bu gurluşda Gemini-niň ýylyň ahyryna çenli elýeterli bolmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir