Türkmensitan Tatarstan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilýän «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisine Milli pawilýony bilen gatnaşýar. Türkmenistanyň Milli pawilýony ýurdumyzyň ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ählisinde, şol sanda onuň hususy ulgamynda gazanýan üstünlikleri, özara bähbitli uzakmöhletli hyzmatdaşlyk üçin bar bolan kuwwat bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň pawilýonynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň, şol sanda ýangyç – energetika, himiýa, azyk, ýeňil, hususan-da, dokma senagatynyň önümleri, gurluşyk hem-de timarlaýyş serişdeleri we beýleki önümler görkezilýär. Türkmenistanyň pawilýonynda halkymyzyň täsin medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan milli sungatyň däp bolan görnüşleriniň önümleri hem görkezilýär. Görkezilýän gymmatlyklaryň hatarynda meşhur türkmen halylary we ajaýyp şaý-sepler bar.