Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde “Russiýa—Yslam dünýäsi: KazanForum-2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. TDH-nyň habar berşi ýaly, Aşgabadyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazana saparynyň dowamynda Russiýanyň ýolbaşçylary, Russiýanyň hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri bilen duşuşyklary meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Kazan forumyna wekilçilikli gatnaşmagynyň her ýyl oňa gatnaşyjylaryň arasynda biziň ýurdumyza bolan gyzyklanmany artdyrýandygyny, Türkmenistanyň Yslam dünýäsinde barha artýan abraýyna, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işinde konstruktiw we döredijilikli ornunyň ykrar edilmegine şaýatlyk edýändigini aýtmak gerek. Forumyň çäklerinde her ýyl geçirilýän “Russiýa Halal Expo 2025” halal senagatynyň halkara sergisi geçirilýär. Hemişe bolşy ýaly, şu ýyl hem bu sergide Türkmenistanyň milli ekspozisiýasy köp görnüşliligi, bollugy bilen tapawutlanýar hem-de gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň gyzyklanmasyny döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Kazana sapary, geçiriljek duşuşyklar we gepleşikler türkmen-rus döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we çuňlaşdyrmak prosessinde möhüm waka bolar, şeýle hem ýurdumyzyň Yslam dünýäsiniň döwletleri bilen gatnaşyklaryny ep-esli pugtalandyrar, birek-birege hormatly, konstruktiw we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze şertleri döreder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir