Tälimçi Žoze Mourinýu Portugaliýanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi bolup biler. «HT Spor» neşiriniň habaryna görä, hünärmen Portugaliýanyň Futbol federasiýasy bilen deslapky ylalaşyga gelipdir. Iýun aýynyň başynda geçiriljek UEFA-nyň Milletler ligasynyň jemleýji duşuşyklaryndan soň, şertnama gol çekilmegine garaşylýar. Häzirki wagtda Portugaliýanyň milli ýygyndysyna ispaniýaly Roberto Martines ýolbaşçylyk edýär. Onuň ýolbaşçylygynda topar 28 duşuşygyň 21-sinde ýeňiş gazandy. Ýewro-2024-de bolsa, Portugaliýa çärýek finalda Fransiýa bilen geçirilen duşuşykda penaltide ýeňildi. 62 ýaşly Mourinýu häzirki wagtda Stambulyň «Fenerbahçesine» ýolbaşçylyk edýär. Bu topar Türkiýäniň çempionatynda häzirki wagtda «Galatasaraýdan» 8 utuk yzda galyp, ikinji ýerde barýar. Möwsüm ýene üç tapgyr soň tamamlanýar. Portugaliýaly hünärmen ozal milli ýygyndylarda tälimçi bolup işlemändi. Ol ozal «Portu», «Çelsi», «Inter», «Real», «Mançester Ýunaýted», «Tottenhem» we «Roma» ýaly klublara ýolbaşçylyk edipdi. Tälimçi hökmünde ol iki gezek Çempionlar ligasyny we Ýewropa ligasyny gazanypdy.