Ilon Maskyň Neuralink kompaniýasy Ýakyn Gündogarda ilkinji kliniki synaglaryň başlanandygyny habar berdi. Kompaniýa pikiriň güýji bilen aragatnaşyk saklamak we enjamlary dolandyrmak mümkinçiligini öwrener. UAE-PRIME atly taslama Cleveland Clinic Abu Dhabi we Abu-Dabiniň Saglygy goraýyş departamenti bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýär. Synaglar agyr newrologiki keselleriň netijesinde hereket we sözleýiş bozulmalary bolan adamlara kömek etmäge gönükdirilýär. Neuralink taslamany millionlarça adamyň durmuşyny gowulandyryp biljek tehnologiýany global derejede ornaşdyrmakda möhüm ädim diýip atlandyrýar. Synaglara gatnaşmak üçin hassalaryň sanawy döredildi we oňa islendik adam ýazylyp bilýär.