u/Jeguetelli atly Reddit ulanyjysy özüniň iPhone 16 Pro Max smartfonynyň kamerasynyň Volvo EX90 elektromobilini ýakyn aralykdan surata düşürjek bolan mahaly zaýalanandygyny habar berdi. Çünki, şol wagt awtomobile daşky dünýäni “görmäge” kömek edýän lazer sensory – lidar işjeň ýagdaýdady. Haçan-da lidar işlände, ol göze görünmeýän, ýöne smartfonyň kamerasyna zeper ýetirip bilýän kuwwatly lazeri goýberýär. Şu sebäpli, ulanyjynyň smartfonynyň matrisasyndaky pikselleriň bir bölegi ýandy. Adatça şeýle ulaglary öndürijiler surata düşürilende bolup biljek töwekgelçilikler barada duýdurýar, ýöne tötänleýin ötegçiler bu barada bilmän biler. Lidaryň lazeriniň kuwwaty aralygyň uzaklaşmagy bilen peselýär, ýöne ýakyndan ol ýeterlik derejede güýçli bolup, smartfon kameralarynyň, şol sanda wideo gözegçilik kameralarynyň datçiklerine-de zeper ýetirip bilýär. Şeýle-de, bu görüş üçin hem howply bolup biler. Lidaryň lazeri görünmese-de, onuň täsiri görünýän lazer şöhlesi ýaly howpludyr. Köp lazerlerde we görkezijilerde öndürijiler şöhläni gözüňe tutmaly däldigini aç-açan aýdýar. Bu düzgün lidarlara gatnaşykda-da şeýledir. Şonuň üçin, lidaryň lazeriniň göze ýa-da kamera düşmeginden gaça durmaly. u/Jeguetelli bilen bagly ýagdaýda kompaniýa zeper ýeten kamerany kepillik bilen çalyşmaga razy boldy. Ýöne beýleki ýagdaýlarda öndüriji mugt bejermekden ýüz öwrüp biler. Şol sebäpli lazer işjeň bolanda ýakyndan surata düşürmeli däl enjamlaryň sanawyna indi lazer haşamlaýjysy, kebşirleýji enjamlar we kosmetiki lazerler bilen bir hatarda lidarly awtomobilleri-de goşmak gerek.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir