Bristol uniwersitetiniň talyby Mett Pidden 4x4 Rubigiň kubigini düzmek boýunça dünýä rekordyny goýan roboty ýygnady. Taslama onuň diplom işi boldy. Ozal robotlaryň arasynda rekord 1 minut 18 sekuntdy. Piddene bu görkezijini 45,305 sekunta çenli azaltmak başartdy – bu tas 33 sekunt tizdir. Netije garaşsyz hünärmenleriň we resmi wagt belleýjileriň gatnaşmagynda hasaba alyndy. Bu taslama 15 gün sarp edildi. “Ar alyjy” adyny alan robot taýýar komponentler ulanmazdan doly derejede Pidden tarapyndan döredildi. Ol kubigi skanirlemek üçin iki web-kamera ulandy, gyraňlary aýlamak üçin mehanizmi döretdi we çözgütleri gözlemegiň algoritmini ýazdy. Piddeniň aýtmagyna görä, iň çylşyrymly mesele skanirleme ulgamyny, algoritmi we enjamlary sinhronlaşdyrmak boldy. Bu ýokary tizligi we taslamanyň çäkli möhletini göz öňünde tutsaň, aýratyn wajypdy. Irki tapgyrlarda robot kubigi 2 minut 30 sekuntda düzdi. Wagty ep-esli tizleşdirmäge kamera arkaly reňk seljermesiniň kämilleşdirilmegi kömek etdi. Robotlar adaty 3x3 kubigi ýygnamakda adamlardan öňe geçýän hem bolsa, 4x4 wersiýa üçin dünýä rekordy henizem adama degişli – 15,71 sekunt. “Rubigiň ary” hökmünde-de belli bolan 4x4 Rubigiň kubigi 1981-nji ýylda wengriýaly inžener Peter Sebeşteni tarapyndan oýlanyp tapyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir