Hytaý alymlary “Çane 5” missiýasynyň kömegi bilen Aýdan getirilen toprak nusgalarynda üýtgeşik himiki düzümi bolan çüýşe monjugy tapdy. Ol hemranyň içki gurluşy barada maglumat almaga kömek eder diýip, Space.com neşiri ýazýar. Alymlar diametri birnäçe millimetr bolan bu monjugyň meteoritiň Aýyň jümmüşinden zyňylyp çykan jyns bilen çaknyşmagy netijesinde emele gelip bilendigini çaklaýar. Monjuk magniý oksidiniň ýokary konsentrasiýasyny saklaýar. Bu hem ony topragyň ýygnalan sebitindäki adaty wulkan jynslaryndan tapawutlandyrýar we tapyndyny aýratyn gymmatly edýär. Ylmy gözlegçiler onuň gelip çykyşynyň Aý mantiýasynyň ýokarky gatlaklaryndaky materiallar bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýär. Nusgalar Aýyň görünýän tarapynda, Tupanlar ummanynyň töwereginde ýygnaldy. Bu ýerde her biriniň diametri 100 metrden gowrak bolan 100 müňden gowrak krater bar. Olaryň ählisi, takmynan, 4 milliard ýyl mundan ozal güýçli urgudan soň emele gelen gadymy krateriň üstünde ýerleşýär. Hünärmenleriň pikiriçe, bu hadysa Aýyň jümmüşinden jynslary onuň ýüzüne çykaran bolmaly. Monjugyň takyk gelip çykan ýerini kesgitlemek kyn, ýöne geologiki maglumatlar onuň esasy krater bilen baglanyşygyny görkezýär. “Çane-5” missiýasy soňky 44 ýylda Ýere Aýdan, üstesine-de, ozal öwrenilmedik sebitden nusga getiren ilkinji missiýa boldy. Ýakynda iki amerikan uniwersitetiniň hem geljekki seljermeler üçin nusgalaryň bir bölegini alandygy belli boldy. Olar üns berilmän galan täze maglumatlary almaga kömek eder diýlip pikir edilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir