Rumyniýada Letka-Weçe obasynyň golaýyndan 1469 sany gadymy rim teňňeli hazyna tapyldy. Ony metal gözleýji detektor bilen işlemeklige höwesek ýerli ýaşaýjy Marius Manžeak tapdy diýip, New York Post ýazýar. Manžeak, köplenç, metal gözleýji detektory alyp, güýmenje üçin ýeke özi meýdanlarda we tokaýlarda aýlanýandygyny gürrüň berdi. Şeýle gezelençleriň birinde ol gömülgi ýatan gadymy kümüş denarly hazynanyň üstünden barýar. Onuň çak edişine görä, tapyndynyň ýaşy azyndan iki müň ýyl bolmaly. Manžeak ähli teňňeleri ýerli hökümete gowşurdy. Ol tapyndynyň günlerde bir gün muzeýde goýlup, ony öz perzendine görkezip biljegine umyt baglaýandygyny aýtdy. "Men taryh bilen ýüzbe-ýüz bolandyryn diýip pikir hem etmändirin. Düýşüm däldir-dä hernä diýip özümi çümmükläp görmek isledim” — diýip, Manžeak hazynany tapan pursadyndaky başdan geçiren duýgularyny paýlaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir