Hakerler Steam platformasyndaky 89 million hasabyň maglumatlaryny ogurlady diýip, «XDA» portaly habar berýär. Muny «Underdark AI» atly kiberhowpsuzlyk kompaniýasy ýüze çykardy. Olaryň LinkedIn sahypasynda berýän maglumatlaryna görä, «Machine1337» lakamly ulanyjy bu maglumat bazasyny darknetde 5000 dollara satýar. Eger-de bu maglumatlaryň dogrulygy tassyklansa, onda bazany satyn alanlar iki faktorly tassyklama goragy bolmadyk Steam hasaplaryna girip bilerler, şeýle-de ulanyjylar oýun kitaphanalaryndan mahrum bolup bilerler. Beýleki hasaplaryň maglumatlary bolsa, aldawçylyk (phishing) hatlaryny ibermek üçin ulanylyp bilner. «XDA» portaly hasabynda iki faktorly tassyklamasy bolmadyk Steam ulanyjylaryna gyssagly parollaryny çalyşmagy maslahat berýär. Galan ulanyjylar, ýagny iki faktorly goragy bolanlar, ähtimal, goraglydyrlar. Sebäbi, syzan maglumatlaryň arasynda bu goragy ýeňip geçmäge mümkinçilik berýän zat ýok. Syzmanyň takyk çeşmesi entek belli däl. Ýöne bu ýagdaýyň sebäbi Steam-iň ýa-da platformanyň iki faktorly tassyklaýyş ulgamyny üpjün edýän Twilio kompaniýasynyň gönümel döwülmegi bilen däl-de, üpjünçilik zynjyrynyň bozulmagy bilen baglanyşykly bolmaly. Valve kompaniýasy Steam-däki hasaplaryň umumy sanyny mälim etmeýär. 2019-njy ýylda platforma 1 milliard hasaba alnan ulanyjy sanyndan geçipdi. Ýöne olaryň ählisi işjeň däl. 2025-nji ýylyň ýagdaýyna görä, Steam-iň aýlyk 132 million işjeň ulanyjysy bar.