Daniýaly «Novo Nordisk» farmasewtika korporasiýasy bilen «Septerna» amerikan biotehnologiýa kompaniýasy 2-nji görnüşli süýjüli diabete (süýji kesele) we semizlige garşy «Ozempik» sanjymynyň tabletka görnüşini çykarmagy meýilleşdirýärler. Bu barada «Bloomberg» agentligi habar berýär. «Novo Nordisk» bu taslama 2,2 milliard dollar maýa goýmagy meýilleşdirýär, emma «Septerna-nyň» roýaltileri (hukuk tölegleri) we geçiriljek synaglar sebäpli, umumy çykdajylar has ýokary bolar. Bu kararyň kabul edilmegine «Novo Nordisk-iň» ABŞ-daky bäsdeşi «Eli Lilly» kompaniýasynyň aprelde semizlik we süýjüli diabet üçin täsirli tabletka görnüşli serişdäni döredendigini yglan etmegi täsir etdi. Şol beýanatdan soň, «Novo Nordisk-iň» paýnamalarynyň bahasy 10% pese düşdi. Umuman alanyňda, geçen ýylyň dowamynda daniýaly kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 52% aşaklady. Sebäbi bazardaky maýa goýujylar «Ozempigiň» köp sanly alternatiwleriniň, şol sanda tabletka we kapsula görnüşleriniň peýda bolmagy bilen, onuň bäsdeşlige ukyplylygyna şübhe bilen garap başladylar. «Novo Nordisk» tabletka görnüşli alternatiwanyň işlenip düzülýändigini habar berensoň, «Septerna-nyň» paýnamalarynyň bahasy 63% ýokarlandy, «Novo Nordisk-iňki» bolsa 2,2% artdy. «Ozempik» dünýäde semizligiň we 2-nji görnüşli süýjüli diabetiň bejergisi üçin ulanylýan serişdeleriň arasynda satuwy boýunça öňdeligi eýeleýär. Derman sanjym üçin ergin görnüşde çykarylýar we şpris-ruçka görnüşinde satylýar. Tabletkalar ulanmak, saklamak we daşamak üçin has aňsat hasaplanýar, şonuň üçin farmasewtika kompaniýalary derman serişdelerini şu görnüşe geçirmek isleýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir