16-njy maýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Aşgabada sapar bilen gelen Eýran-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Abdoljalal Iriniň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Gepleşikleriň dowamynda taraplar parlamentara gatnaşyklary, energiýa, ulag, söwda, medeniýet we bilim ýaly ugurlar bilen bir hatarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklarynyň möhümdigini bellediler. Bu ugurda parlamentara dostluk toparynyň üstünlikli işleýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda ýakynda geçiriljek çärelere garaldy. Gepleşikleriň ahyrynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny mälim etdiler.