2025-nji ýylyň 31-nji maýy — 23-nji iýuny aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçy Türkmenistandan Saud Arabystany Patyşalygyna iberiler. Degişli Buýruga Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin howa gämisiniň ýörite gatnawynyň “Türkmenhowaýollary” agentliginiň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylmagyny guramak tabşyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir