Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 18-nji maýyndaky dynç güni 19-njy maýa — duşenbe gününe geçirildi. Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün eder. Bellenilişi ýaly, bu resminama ýurdumyzyň ilatynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda kabul edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir