Argentinaly futbolçy Lionel Messi öz gowy görýän goluny sungat eserine öwrer we ol haýyr-sahawat auksionynda satylar. Bu barada Independent habar berdi. “Altyn topuň” sekiz gezek eýesi 22-nji maýda ähli gollarynyň arasyndan özi üçin iň gymmatly goluň haýsydygyny aýdar. Şondan soň Messi suratkeş Refik Anadol bilen bilelikde saýlanan goluň şekiliniň esasynda sungat eserini döreder. Netijede alnan eser 11-nji iýunda Nýu-Ýorkda Christie’s auksion öýi tarapyndan auksiona çykarylar. Auksionyň ýeňijisi 25-nji iýulda yglan ediler. Messi satuwdan alnan girdejini haýyrly maksatlara gönükdirer. “Ähli gollardan diňe birini saýlamak örän kyn. Olaryň her biri özboluşly, käbirleri bolsa, hakykatdanam, möhüm bolup, ajaýyp ýatlamalary döredýär. Ýöne bu özboluşly taslamany mümkin etmek üçin, ilkinji gezek olaryň arasyndan birini has tapawutlandyrmak ähmiýetli iş. Munuň aňyrsynda güýçli maksat bar” – diýip, Messi belledi. Messi taryhda iň beýik futbolçylaryň biri. Ol häzir “Inter Maýami” klubunyň we Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitanydyr. Messi karýerasynda dünýä çempiony titulyna, altyn Olimpiýa medalyna, UEFA-nyň Çempionlar ligasynda dört kuboga eýe boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir