Ylym jemgyýetinde uly gyzyklanma döreden wideodaky haýran galdyryjy pursat giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Agzalan wideoda, Mýanmada bolup geçen güýçli ýertitremesi mahaly ýer gabygynyň hereket edişi aýdyň görünýär. Bu wideo şeýle görnüşli tebigy hadysanyň ilkinji wideo ýazgysy bolup durýar. Wideo 2025-nji ýylyň 28-nji martynda düşürildi. Ol «GP Energy Myanmar» kompaniýasynyň «Thapyawa» gün stansiýasynyň territoriýasynda ýazga geçirildi. Bu ýer Mýanmanyň Mandalaý welaýatyndaky Ta Pýey Wa etrabynyň Tazi şäheriniň golaýynda ýerleşýär. Agzalan wideony singapurly inžener Htin Aung Facebook sosial torunda paýlaşdy. Wideoda demir derwezeleriň silkelenýändigi görnüp dur, şeýle-de 14 sekuntdan soň, ýol bilen howlynyň arasynda giňligi 5-7 metr bolan çuň ýaryk emele gelýär. Topragyň ýarylmagy tektoniki üýtgeşmeleriň näderejede howpludygyny we güýçlüdigini görkezýär. «Meniň bilşime görä, bu kadrlar güýçli ýertitremesi mahaly, ýeriň ýarylyşyny iň aýdyň görkezýän ýazgy» — diýip, Günorta Kaliforniýa uniwersitetiniň seýsmology Jon Widale aýtdy. Ýazgy howpsuzlyk kamerasy bilen düşürilipdir. Hünärmenler bu wideony ýer gabygynyň seýsmiki işjeňlik ýagdaýyndaky hereketlerini öwrenmek üçin örän möhüm maglumat hasaplaýarlar. Sagaing ýarygy tutuş ýurt boýunça, takmynan, 1200 kilometre çenli uzalyp gidýär. Hemra maglumatlaryna görä, ýertitremeden soň, ýer gabygynda 500 kilometre çenli uzalyp gidýän süýşmeler ýüze çykypdyr. Käbir ýerlerde bu süýşmeler 6 metre ýetipdir. Mýanmada bolup geçen 7,9 magnitudaly ýertitreme agyr netijelere getirdi: 5500-den gowrak adam heläk boldy, takmynan, 5000 adam bolsa ýaralandy. Titremeler goňşy ýurt Tailandda hem duýuldy, emma ýertitremäniň episentri ýazgynyň düşürilen ýerinden demirgazykda, Mandalaýyň golaýynda ýerleşýärdi. Ýurtdaky syýasy durnuksyzlyk we ynsanperwer kömekleriň çäkliligi halas ediş işlerini kynlaşdyrdy.